sowatmak

sowatmak
işlik
1) Gyzgyn zady sowuk etmek, temperaturasyny aşaklatmak.
∙ Çagalara gaýnan suwy sowadyp aram-aram berip durmaly. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)
2) Bir zada bolan höwesi gaçyrmak, birinden ýa-da bir zatdan göwni geçirmek, yhlasy peseltmek.
∙ Bolgusyz gürrüňler onuň elini işden sowatdy.
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.
Meselem sowatmak - sowadýar, sowadar, sowadypdyr.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужен реферат?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»